Uniwersitetimiziň talyplary halkara olimpiada meýletinçiler hökmünde gatnaşýarlar
116Şu gün, 22-nji aprelde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda geçirilýän II Halkara matematika olimpiadasy badalga aldy. Halkara olimpiada 15 döwletden, şol sanda ýurdumyzdan jemi 230-dan gowrak zehinli ýaşlar hem-de 50-ä golaý daşary ýurtly mugallymlar gatnaşýar. Olar halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan myhmansöýerlik däpleri esasynda mähirli garşy alyndy. Halkara olimpiada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hem-de iňlis dili we edebiýaty hünäriniň talyplary hem meýletinçiler hökmünde gatnaşýarlar.
Mekdebiň öňündäki giň meýdançada guralan dabarada Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň «Güneş» hor topary hem-de Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň birleşen çagalar tans toparlary joşgunly aýdym-sazlary, tanslary bilen çykyş etdiler.
Halkara olimpiada gatnaşyjylar ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dürli ýyllardaky halkara bäsleşiklerde gazanan üstünliklerini we taslama işlerini, şekillendiriş sungatyna degişli eserlerini özünde jemleýän sergi bilen tanyşdylar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň dünýä halklary üçin gymmatly çeşmedigini buýsanç bilen bellediler. Serginiň dowamynda mekdep okuwçylarynyň milli senetçilik we el işlerini ýerine ýetirýän pursatlary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň «Mukam» çagalar skripkaçylar toparynyň «Sazlar çemeni» atly ýerine ýetiren saz eserleri myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň gazanýan beýik ösüşlerine, bilim ulgamyndaky özgertmelerine, halkara derejede ykrar edilen üstünliklerine bagyşlanan wideoşekillere tomaşa etdiler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň meýletinçi talyplary myhmanlara aragatnaşyk saklamakda ýakyndan ýardam berdiler.
Olimpiadanyň açylyş dabarasynda degişli ýolbaşçylar, halkara olimpiadanyň eminler toparynyň başlygy, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, daşary ýurtly we türkmenistanly mekdep okuwçylary gutlag sözleri bilen çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylymly-bilimli, başarjaň adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler.