Dabaraly çäre geçirildi

101

25-nji aprelde talyplarymyzyň matematika boýunça halkara ders bäsleşiginde gazanan ajaýyp üstünligi mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly çärede söz sözlän ýeňiji talyplarymyz we olara halypalyk eden mugallymlarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri üçin edýän çäksiz aladalary, ýaşlaryň dünýä derejesinde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri babatda döredýän giň mümkinçilikleri üçin çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler we alkyş sözlerini beýan etdiler.
2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” diýlip yglan edilen we Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda halkara matematika bäsleşiginde gazanylan ajaýyp üstünlikler bu şanly senä talyplarymyzyň baýramçylyk sowgady boldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30