Halkara hyzmatdaşlyk

968




Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti baglaşylan ähtnamalaryň, ylalaşyklaryň we şertnamalaryň esasynda dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlyk saklaýar. Häzirki wagtda degişli resminamalar Krems Amaly ylymlar uniwersiteti (Awstriýa Respublikasy), Seul milli uniwersiteti (Koreýa Respublikasy), Sinszýan uniwersiteti (Hytaý Halk Respublikasy), Häzirki zaman dilleri Milli uniwersiteti (Päkistan Yslam Respublikasy), Jowzjan uniwersiteti (Owganystan Yslam Respublikasy), M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti (Russiýa Federasiýasy), L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersiteti (Gazagystan Respublikasy), Belarus döwlet uniwersiteti (Belarus Respublikasy), Täjik milli uniwersiteti (Täjigistan Respublikasy), Ýerewan döwlet uniwersiteti (Ermenistan Respublikasy), Baku döwlet uniwersiteti (Azerbaýjan Respublikasy), Al-Faraby adyndaky Gazak milli uniwersiteti (Gazagystan Respublikasy) ýaly ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşyldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň  we Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň agzasydyr.

GEOCLIC

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti baglaşylan ähtnamalaryň, ylalaşyklaryň we ş [...]

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
(12) 94-67-30 / 94-61-59
Email:
tdu@online.tm