Maglumat tehnologiýalary fakulteti

437

Fakultet 2019-njy ýylda matematika fakultetiniň binýadynda esaslandyrylan.

Fakultetde amaly matematika we informatika, maglumatlar ulgamlary we tehnologiýalary kafedralary hereket edýär, olarda amaly matematika we informatika, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Fakultetde dürli ugurlar – sanly bilim ulgamyny kompýuter tehnologiýalarynyň esasynda ösdürmek; ýakynlaşan usullary ulanyp, döwrebap kompýuter tehnologiýalaryň kömegi bilen sanly ykdysadyýetiň we tehnikanyň dürli meselelerini çözmek; tor tehnologiýalarynda işlemek; robot tehnologiýalaryny programmalaşdyrmak; amaly meseleleriň spektral nazaryýetini ykdysadyýetiň, tehnikanyň, gidrodinamikanyň, gidromehanikanyň dürli meselelerini çözmekde ulanmak; kompýuterde dizaýn işlerini taýýarlamak we geçirmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Fakultetiň uçurymlaryna amaly matematika we informatika, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünärleri boýunça degişlilikde “matematik, ulgamlaýyn programmaçy, mugallym”; “maglumat ulgamlary we tehnologiýalary boýunça hünärmen, informatika mugallymy” kärleri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra bilim edaralarynda matematika we informatika mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy we kompýuter merkezlerinde ylmy işgär, önümçilikde, habar beriş we dolandyryş edaralarynda, banklarda kompýuter usullaryny düzýän hünärmenler hökmünde işläp bilýärler.


Paýlaş

Okuw

Fakultet 2019-njy ýylda matematika fakultetiniň binýadynda esaslandyrylan.Fakultetde amaly matematika we [...]

Matematika fakulteti

Fakultet 2019-njy ýylda matematika fakultetiniň binýadynda esaslandyrylan.Fakultetde amaly matematika we [...]

Fizika fakulteti

Fakultet 2019-njy ýylda matematika fakultetiniň binýadynda esaslandyrylan.Fakultetde amaly matematika we [...]

Himiýa fakulteti

Fakultet 2019-njy ýylda matematika fakultetiniň binýadynda esaslandyrylan.Fakultetde amaly matematika we [...]

Biologiýa fakulteti

Fakultet 2019-njy ýylda matematika fakultetiniň binýadynda esaslandyrylan.Fakultetde amaly matematika we [...]

Geografiýa fakulteti

Fakultet 2019-njy ýylda matematika fakultetiniň binýadynda esaslandyrylan.Fakultetde amaly matematika we [...]

Taryh fakulteti

Fakultet 2019-njy ýylda matematika fakultetiniň binýadynda esaslandyrylan.Fakultetde amaly matematika we [...]

Hukuk fakulteti

Fakultet 2019-njy ýylda matematika fakultetiniň binýadynda esaslandyrylan.Fakultetde amaly matematika we [...]

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
(12) 94-67-30 / 94-61-59
Email:
tdu@online.tm