Halkara çäreler

1361

22-26-njy oktýabr aralygynda arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty S.Ataýew Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Yslamabat geçirilen “Allama Iqbal” uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň burçyny açmak dabarasyna hem-de akyldar şahyryň döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdy.



31-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri B.Diwangulyýewa Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherindäki UNITWIN/UNESCO kafedralarynyň maksatnama topary tarapyndan gurnalan “Afrikada ýokary bilimiň ösdürilmegi” atly iş sessiýasyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.



30-31-nji oktýabrda psihologiýa kafedrasynyň mugallymlary S.Geldiýewa we S.Orazowa Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) halkara bilermeni Irina Urumowanyň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde guralan tegelek stollara we ýurdumyzyň degişli edaralaryň wekilleri bilen iş duşuşyklara gatnaşdylar.



30-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy D.Baýmyradow we şol kafedranyň mugallymy S.Kakajykow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan geçirilen “Durmuş işinde çagalar we maşgalalar bilen aragatnaşygy we söhbetdeşligi ýola goýmagyň esaslary boýunça okuw maslahatyna” wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.



29-30-njy oktýabrda žurnalistika kafedrasynyň mugallymy M.Gaýypowa Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan bu Guramanyň Aşgabatdaky Merkeziniň binasynda geçirilen “Media sowatlylygy boýunça” instruktorlar üçin okuwa gatnaşdy.



2024-nji ýylyň 29-njy ýanwaryndan - 20-nji oktýabry aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa kafedrasynyň mugallymy J.Gylyçlyýew we ekologiýa kafedrasynyň mugallymy M.Begdurdyýewa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň C5 + O.N.E. (Opening Networks through English) maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen energetika we daşky gurşawy goramak boýunça hünärmenler üçin iňlis dili okuwlaryna gatnaşdylar.



19-23-nji oktýabry aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty B.Diwangulyýewa ÝUNESKO klublarynyň we kafedralarynyň Belarus Respublikasynyň çäginde döredilen ÝUNESKO klublary we kafedralary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak we olaryň saldamly tejribelerini öwrenmek maksady bilen, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan Belarus Respublikasynyň Minsk şäherine guralan saparynda boldy.



19-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymy K.Çaryýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Çžeszýan maliýe we ykdysadyýet uniwersitetiniň guramagynda geçirilen “Merkezi Aziýanyň sebiti öwreniş we ýurdy öwreniş bilen bagly ylmy barlaglary” atly halkara ylmy maslahatyna “Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky bilim we medeniýet gatnaşyklary” atly tema bilen wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.



18-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby H.Myratgeldiýewa Ýaponiýanyň “MIRAI” okuw maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen “Hazar deňzi” temasy boýunça umumy okuw sapagyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.



2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkiýäniň Ýazyjylar Birleşiginiň başlygy, Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň rektory, professor Musa Kazym Aryjan bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Kakabaýewiç Öwezsähedowyň ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly duşuşyk geçirildi.



17-nji oktýabrda 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýaş ilçi, iňlis dili we edebiýaty hünäriniň 3-nji ýyl talyby B.Abaýewa Birleşen Milletler Guramamsynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy tarapyndan “Aşgabat” seýilgähinde geçirilen Maýyplaryň halkara gününe bagyşlanan inklýuziw festiwalyna gatnaşdy.



16-njy oktýabrda ekologiýa kafedrasynyň mugallymy G.Garýagdyýew Merkezi Aziýanyň Sebitleýin Ekologiki Merkeziniň guramagynda “Arçabil” myhmanhanasynda geçirilen ýokary okuw mekdepleri we suw hojalygy boýunça ýaş hünärmenler üçin suw serişdelelrini toplumlaýyn dolandyrmak hem-de okuw gollanmasyny ulanyşa girizmek barada seminaryna gatnaşdy.



15-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty B.Diwangulyýewa “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen “Astrahan döwlet uniwersiteti” ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda” Ylalaşygyň çäklerinde W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň guramagynda geçirilen “tegelek stoluna” wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.



15-nji oktýabrda iňlis diliniň fonetikasy we leksikologiýa kafedrasynyň mugallymy J.Gurbanmyradow, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy B.Jumaýew we 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýaş ilçi, iňlis dili we edebiýaty hünäriniň 3-nji ýyl talyby B.Abaýewa Halkara Uniwersitetler Assosiasiýasynyň agzalygynyň çäklerinde bu Assosiasiýanyň Baş sekretary Dr. Hilligýe Want Lendyň alyp barmagynda “Has durnukly dünýä ýetmek üçin bilim hakynda täzeden pikirlenme” (Re-thinking education for a more sustainable world) atly webinaryna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.



15-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Italiýa Respublikasynyň Daşary ýurtlylar üçin Perujiýa uniwersitetiniň rektory, professor Walerio De Çezaris ýokary okuw mekdebimiziň roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň talyplary üçin umumy okuw sapagyny geçirdi.



14-nji oktýabrda Magtymguly adyndaly Türkmen döwlet uniwersitetinde “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Peruji daşary ýurtlylar üçin uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda” Ähtnama gol çekildi.



ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geologiýa muzeýine myhmançylyga geldi. Hormatly myhmana bu ýerde geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Anatoliý Buşmakin muzeýde ýerleşdirilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinden toplanan geologik tapyndylar barada täsirli gürrüň berdi.



2024-nji ýylyň 13-nji iýuly - 28-nji awgusty aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň italýan dili we edebiýaty hünäriniň talyplary Ý.Gelenowa, Ç.Parahatowa, A.Gubataýewa we J.Ismailowa Italiýa Respublikasynyň Perujianyň daşary ýurtlylar uniwersitetinde italýan dili we medeniýeti boýunça talyp hakly okuw maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen gysga möhletli okuwlaryna gatnaşdylar.



2024-nji ýylyň 30-njy awgusty - 1-nji sentýabry aralygynda zoologiýa kafedrasynyň mugallymy R.Saparmyradow Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda gurlan Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumy boýunça Orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň düzüminde gatnaşdy.



2024-nji ýylyň iýul-awgust aýlary aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň nemes dili we edebiýaty hünäriniň talyplary M.Popyýewa, S.Rozyýewa, Ş.Öwezmämmedowa Germaniýanyň Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) guramagynda Mýunhen daşary ýurt dilleri we terjimeçiler institutynda, Mangeým uniwersitetinde we Geýdelberg uniwersitetinde geçirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin tomusky okuwlaryna gatnaşdylar.



Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2024-nji ýylyň 19-njy awgustyndaky 96380-h belgili habarnamasy esasynda hünär derejesini ýokarlandyryş bölüminiň esasy hünärmeni B.Annagylyjow, psihologiýa kafedrasynyň mugallymlary S.Ataýewa we O.Niýazdurdyýewa, jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary D.Baýmyradow, S.Kakajykow we M.Berdigylyjow 2024-nji ýylyň 26-njy we 30-njy awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan geçirilen durmuş işi ugry boýunça okuwlaryň meýilnamasy, düzümi we okatmagyň usuly boýunça maslahat duşuşyklaryna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.



Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň 2024-nji ýylyň 3-nji awgustyndaky 2/29085 belgili haty esasynda hünäri boýunça rus dili kafedrasynyň mugallymy, roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygynyň orunbasary G.Çerkezow 2024-nji ýylyň 15-20-nji awgusty aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynda geçirilen VIII Baýkal ýaşlar forumyna gatnaşdy.



2024-nji ýylyň 30-njy iýuly - 4-nji awgusty aralygynda iňlis dili we edebiýaty hünäriniň III ýyl talyby Aýtäç Hajyýewa Gyrgyz Respublikasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň meýletinçileriniň halkara forumyna gatnaşdy.



20-31-nji iýuly aralygynda fiziki himiýa kafedrasynyň mugallymy N.Mälikgulyýewa we organiki däl we analitiki himiýa kafedrasynyň mugallymy Ý.Tulekow Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen 56-njy Halkara himiýa olimpiadasyna (ICho-2024) ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryndan ybarat bolan toparyň ýolbaşçysy hökmünde gatnaşdylar.
Halkara himiýa olimpiadasyna jemi 84 dowletden 327 zehinli okuwçy gatnaşdy. Olimpiadanyň jemi boýunça, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Jumaýew Rüstem we 11-nji synp okuwçysy Atajanowa Aýgül kümüş medallara, 10-njy synp okuwçysy Döwletow Diýar we 11-nji synp okuwçysy Akmyradowa Jeren bürünç medallara mynasyp boldular.



20-30-njy iýuly aralygynda nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallymy A.Amanmädow Eýran Yslam Respublikasynyň Isfahan tehnologik uniwersitetinde geçirilen 54-nji Halkara fizika olimpiadasyna (IphO-2024) ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryndan ybarat bolan toparyň ýolbaşçysy hökmünde gatnaşdy.



14-27-nji iýuly aralygynda roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymlary K.Myradowa, D.Nurýagdyýewa we A.Agamyradowa Italiýa Respublikasynyň Perujianyň daşary ýurtlylar üçin uniwersitetinde talyp hakly okuw maksatnamasynyň çäklerinde italýan dilini öwrenmek boýunça geçirilen hünär kämilleşdiriliş okuwlaryna gatnaşdylar.



2024-nji ýylyň 14-28-nji iýuly aralygynda roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymy M.Nazarowa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Gýote instituty tarapyndan geçirilen “Dil, ýurt öwreniş we medeni durmuş” atly hünär kämilleşdiriliş okuwlaryna gatnaşdy.



23-nji iýulda 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýaş ilçi, iňlis dili we edebiýaty hünäriniň 3-nji ýyl talyby B.Abaýewa Türkmenistanyň Bilim minstrliginiň binasynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi boýunça milli maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly geçirilen duşuşyga gatnaşdy.



2024-nji ýylyň 18-20-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi R.Hojageldiýew we türkmen dili kafedrasynyň mugallymy A.Hallyýewa Russiýa Federasiýasynyň Wladimir şäherinde geçirilen “Dialog” atly Halkara ara alyp maslahatlaşma klubunyň “Medeni mirasy gorap saklamak döwletliligi berkitmegiň esasy şertidir” diýen ikinji mejlisine gatnaşdylar.



7-20-nji iýul aralygynda ekologiýa kafedrasynyň mugallymlary S.Hudaýnazarow we G.Garýagdyýew Ýewropanyň Bilim we Medeniýet baradaky ýerine ýetiriji agentligi (EACEA) tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň “Erasmus+” maksatnamasynyň “Merkezi Aziýada howa durnuklylygy we howpsuzlygy üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak” (HWCA) atly taslamanyň çäklerinde Niderlandlar Patyşalygynyň Delft tehnologiki uniwersitetinde geçirilen suw diplomatiýasy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar.



2-20-nji iýul aralygynda nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallymy A.Amanmädow Russiýa Federasiýasynyň Magaryf ministrliginiň, Ýugra - Hanty-Mansiýsk awtonom okrugynyň hem-de Moskwanyň fizika-tehnika institutynyň guramagynda halkara ylmy fizika olimpiadasyna (International Scientific Physics Olympiad, ISPhO-2024), şeýle hem Moskwanyň fizika-tehnika institutynda halkara fizika olimpiadasyna (International Physics Olympiad, IPhO-2024) taýýarlyk görmek üçin geçirilen türgenleşik okuwlaryna ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryndan ybarat bolan toparyň ýolbaşçysy hökmünde gatnaşdy.
Halkara Ylmy Fizika olimpiadasyna jemi 22 döwletden 103 sany zehinli okuwçy gatnaşdy. Olimpiadanyň jemi boýunça, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Nuryýew Jumadurdy we Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Janmyradow Mekangeldi bürünç medallara, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Weljanowa Aýnabat höweslendiriji baýraga mynasyp boldular.



17-19-njy iýuly aralygynda psihologiýa kafedrasynyň mugallymlary S.Ataýewa, S.Geldiýewa we raýat hukugy kafedrasynyň mugallymy Ş.Garaýew Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada Neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamanyň (CADAP) çäklerinde “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen “Zyýanly endikleriň öňüni almak üçin maksatnamalaryň konsepsiýasyny” düzmek boýunça milli okuw maslahatyna gatnaşdylar.



13-nji iýulda gündogar dilleri kafedrasynyň hytaý dili mugallymlary A.Allagulyýew, Ş.Kadyrowa, H.Ýuýsin we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspiranty S.Szýasin, şeýle hem hytaý dili we edebiýaty hünäriniň talyplary Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen “Hytaýyň tagamyndan lezzet almak” atly kabul edişlige gatnaşdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30