Muzeýler

1021

MAGTYMGULY MUZEÝI

Muzeý 1959-njy ýylda esaslandyrylan.

Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan muzeýde şahyryň dürli döwürlerde, dürli dillerde neşir edilen kitaplary, eserleriniň daşbasma nusgalary we gadymy edebiýatlaryň golýazmalary, şeýle hem akyldar şahyr barada ýazylan köp sanly çeper eserler, ylmy işler we Magtymgulynyň ýaşan zamanasyna degişli gymmatlyklar ýerleşdirilen.

Muzeý 2014-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýi mynasybetli şahyryň döredijiligini öwrenmek babatda täze neşirler, şeýle hem taryhy maglumatlar bilen baýlaşdyryldy.


TEBIGAT MUZEÝI


Muzeý 1931-nji ýylda Aşgabat şäheriniň pedagogik instituty hökmünde esaslandyrylan uniwersitetiň binýadynda döredildi. Tebigat muzeýi Türkmenistanyň haýwanat dünýäsiniň hasabyna baýlaşdyrylan, dünýä faunasynyň görnüşlerini özünde jemleýän muzeýdir. Muzeýiň döredilmeginde we onuň baýlaşdyrylmagynda birnäçe alymlaryň, biologiýa fakultetiniň professor-mugallymlarynyň we dürli ýyllardaky talyplaryň bitiren hyzmatlary uludyr.

Biologiýa fakultetinde hereket edýän Tebigat muzeýinde goýlan nusgalyklar ýurdumyzyň we dünýäniň haýwanat dünýäsiniň dürli sistematik toparlaryna degişli bolup, olar bilen tanyşmak üçin belli bir derejede uly mümkinçilikleri döredýär. Tebigat muzeýinde gözel ülkämiziň tebigatynyň ajaýyp keşbi, çöl we dag ekoulgamlarynyň görnüşi, şeýle hem onda ýaýran haýwanlaryň görnüşleriniň nusgalary, gäpleri, mundan başga-da olar baradaky maglumatlar öz beýanyny tapýar.

Muzeýiň oňurgasyz haýwanlar ýerleşdirilen bölümi täsinligi bilen tapawutlanýar. Bu bölümde halkaly gurçuklara, bognaýaklylara, derisi iňňelilere we beýleki toparlara degişli oňurgasyz haýwanlaryň onlarça görnüşleri, şol sanda ýurdumyzda duşýan we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Indoneziýadan, Aziýanyň käbir ýurtlaryndan, Awstraliýadan ýygnalyp getirilen kebelekler ýerleşdirilen.

Uniwersitetiň Tebigat muzeýiniň oňurgaly haýwanlar bölümi hem aýratyn baýlygy bilen tapawutlanýar. Muzeýde balyklaryň we süýrenijileriň birnäçe görnüşleriniň gäpleri, kolleksiýalary ýerleşdirilen. Muzeýiň eksponat baýlygynyň belli bir bölegini guşlar eýeleýär, olaryň 70-den gowrak görnüşiniň gäbi ýerleşdirilip, serçeşekillilere, durnaşekillilere, gazşekillilere, towukşekillilere, çulukşekillilere, hüwişekillilere we beýleki toparlara degişlidir. Bulardan başga-da, muzeýde süýdemdirijileriň hem onlarça görnüşleriniň gäpleri görkezilen.


GEOLOGIÝA MUZEÝI

Muzeý 2001-nji ýylda esaslandyrylan.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary tarapyndan eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinden ýygnalan tebigy tapyndylar: dürli görnüşli minerallaryň, magdanlaryň we daşlaşan jisimleriň nusgalyklary Geologiýa muzeýiniň esasyny düzýär.

Häzirki wagtda muzeýiň 200 m2 meýdany tutýan otagynda 1200-den gowrak minerallaryň we magdanlaryň nusgalyklary saklanýar.

Muzeý toplanan nusgalyklaryň mazmuny boýunça tapawutlanýan birnäçe bölümden ybarat. Şol bölümleriň biri hem asman jisimlerine degişli bolup, bu ýerde Ýere gaçan meteoritler barada täsin maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligi döredilen. Muzeýde  “Köneürgenç” meteoritiniň we “Boýadag” läbik wulkanynyň  hakyky gabarasynda ýasalan taslamalary görkezme esbap bolup hyzmat edýär. Şeýle-de, muzeýde geologik hadysalaryny, relýef şekillerini görkezýän suratlar, ýurdumyzyň tebigaty, has takygy, Döwlet tebigy goraghanalary barada hem gyzykly maglumatlar ýerleşdirilen.


ARHEOLOGIÝA WE ETNOGRAFIÝA MUZEÝI


Muzeý 1988-nji ýylda esaslandyrylan. Häzirki wagtda muzeýde Türkmenistanyň arheologiýasyny, türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetini, türkmenleriň adaty durmuşyny hem-de hojalygyny şöhlelendirýän 700-e golaý nusgalyklar saklanylýar. Olaryň käbirleri Türkmenistanyň beýleki muzeýlerinde gabat gelmeýän seýrek nusgalyklardyr.

Muzeýde Altyndepeden, Marguşdan, Nusaýdan, Merwden we ýurdumyzyň dürli taryhy eýýamlara degişli ýadygärliklerinde ýüze çykarylan tapyndylar saklanylýar.

Muzeýdäki giçki döwre degişli “gabsa” gölli ahal torbasy, takmynan, XIX asyryň ortalarynda dokalypdyr. Ol ýurdumyzyň muzeýleriniň haly nusgalyklarynyň arasynda gabat gelýär. Ýöne bu torba özüniň nepisligi, ýüpüniň inçeligi, gölüniň gurluşy boýunça beýlekilerden düýpgöter tapawutlanýar.

Günbatar çarwa türkmenlerine degişli hasaplanýan depbe muzeýiň täsin nusgalyklarynyň biri hasaplanýar. Garyndydan ýasalan depbe berkligi boýunça otda bişirilip taýýarlanan küýzeden kem bolmandyr. Depbede suwuk görnüşdäki tagamlar (ýag, toşap we ş.m.) uzak wagtlap zaýalanman saklanypdyr. Depbe ýasamaklyk çarwa türkmenlerinde külalçylygyň özboluşly görnüşidir.

Arheologiýa we etnografiýa muzeýi türkmen halkynyň taryhyny, arheologik ýadygärliklerini, etnografiýasyny, maddy we ruhy medeniýetini wagyz ediji merkezleriň biridir.


MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETINIŇ TARYHY MUZEÝI


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryhy muzeýi 2018-nji ýylda döredildi.

Muzeýde uniwersitetiň pedagogik instituty hökmünde döredilen gününden başlap şöhratly taryhy beýan edilýär. Onda uniwersiteti dürli ýyllarda tamamlan görnükli şahsyýetleriň durmuş we zähmet ýoly baradaky maglumatlar, olaryň neşir işleri ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gelmegi bilen bagly wakalar, dürli dillerde çap edilen eserleri,  milli Lideriň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasaty baradaky maglumatlar muzeýde uniwersitetiň häzirkizaman taryhyny beýan edýän bölüminde görkezilýär.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyny beýan edýän resminamalar, dürli görnüşli maglumatlar muzeýiň halkara bölüminde öz ornuny tapdy.

Professor-mugallymlaryň we talyplaryň ylym-bilim, sport we medeniýet ugurlaryndan halkara we döwlet derejesinde geçirilen dürli görnüşli bäsleşiklerde, olimpiadalarda eýelän baýraklary, gazanan üstünlikleri baradaky maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryhy muzeýinde hem ýerleşdirilen.


Paýlaş

Talyp durmuşy

MAGTYMGULY MUZEÝIMuzeý 1959-njy ýylda esaslandyrylan.Türkmen halkynyň beýik akyldar ş [...]

Muzeýler

MAGTYMGULY MUZEÝIMuzeý 1959-njy ýylda esaslandyrylan.Türkmen halkynyň beýik akyldar ş [...]

Gallereýa

MAGTYMGULY MUZEÝIMuzeý 1959-njy ýylda esaslandyrylan.Türkmen halkynyň beýik akyldar ş [...]

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
(12) 94-67-30 / 94-61-59
Email:
tdu@online.tm