Talyp durmuşy

1745

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplaryň döwrebap bilim almaklary, sapaklaryndan boş wagtlary medeniýetli dynç almaklary, edebi-çeper, ylmy-döredijilik, şeýle-de sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilen.

Uniwersitetde “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkezi hereket edýär. Onuň düzümindäki aýdym-saz topary, talyp gyzlardan ybarat bolan “Diýar” tans topary, “Kyrk gyz” gopuzçylar topary, dutarçylar topary, folklor topary häzirkizaman we halk aýdymlary, tanslary bilen ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýarlar.

Ýokary okuw mekdebiniň talyplary Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän “Talyp gözeli” gözellik bäsleşigine, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda geçirilýän “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşigine, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda “Ýylyň talyby” döwlet bilim bäsleşigine hem-de döwlet derejesinde geçirilýän beýleki bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýarlar.






Paýlaş

Talyp durmuşy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplaryň döwrebap bilim almaklary, sapaklaryndan [...]

Talyplar sport kluby

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplaryň döwrebap bilim almaklary, sapaklaryndan [...]

Muzeýler

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplaryň döwrebap bilim almaklary, sapaklaryndan [...]

Gallereýa

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplaryň döwrebap bilim almaklary, sapaklaryndan [...]

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
(12) 94-67-30 / 94-61-59
Email:
tdu@online.tm