Taryh fakulteti

772

Fakultet 1932-nji ýylda esaslandyrylan.

Fakultetde Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, arheologiýa we etnologiýa, jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedralary hereket edýär, olarda taryh, arheologiýa, syýasaty öwreniş, gündogary öwreniş, filosofiýa we ylahyýet hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Fakultetde ýurduň taryhynyň dürli döwürleri; Türkmenistanyň çäklerinde gadymy siwilizasiýalaryň ýüze çykyşy, kemala gelşi; arheologiýa ylmynyň ösüşi; Türkmenistanyň çäginde dörän gadymy medeniýetiň Gadymy Gündogar siwilizasiýasynyň ösüşine eden täsiri; Jeýtun, Änew, Marguş, Oguzboý, Parfiýa, türkmen-seljuk medeniýetleri; dünýä türkmenleriniň taryhy; türkmen halkynyň maddy medeniýeti: taryh we döwrebaplyk; antropologiki barlaglar, etnologik we etnografik gözlegler esasynda türkmen halkynyň millet hökmünde kemala geliş taryhyny we medeniýetini öwrenmek bilen baglanyşykly ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Fakultetiň uçurymlaryna taryh, arheologiýa, syýasaty öwreniş, gündogary öwreniş, filosofiýa we ylahyýet hünarleri boýunça degişlilikde “taryhçy, taryh we jemgyýeti öwreniş mugallymy”; “arheolog, taryh mugallymy”; “syýasaty öwreniji, jemgyýeti öwreniş mugallymy”; “gündogary öwreniji, taryh mugallymy”; “filosof, filosofiýa we jemgyýeti öwreniş mugallymy”; “ylahyýetçi, mugallym” kärleri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra bilim edaralarynda, ylmy-barlag institutlarynda, jemgyýetçilik we beýleki degişli guramalarda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda işläp bilýärler.

Paýlaş

Okuw

Fakultet 1932-nji ýylda esaslandyrylan.Fakultetde Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, arheologiý [...]

Matematika fakulteti

Fakultet 1932-nji ýylda esaslandyrylan.Fakultetde Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, arheologiý [...]

Fizika fakulteti

Fakultet 1932-nji ýylda esaslandyrylan.Fakultetde Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, arheologiý [...]

Himiýa fakulteti

Fakultet 1932-nji ýylda esaslandyrylan.Fakultetde Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, arheologiý [...]

Biologiýa fakulteti

Fakultet 1932-nji ýylda esaslandyrylan.Fakultetde Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, arheologiý [...]

Geografiýa fakulteti

Hukuk fakulteti

Fakultet 1932-nji ýylda esaslandyrylan.Fakultetde Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, arheologiý [...]

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
(12) 94-67-30 / 94-61-59
Email:
tdu@online.tm