Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi

83

19-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa syýasaty bilen baglanyşykly «Türkmenistanyň Bütindünýä daşky gurşawy goramak syýasatyna goşulmagynyň döwletleriň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy ösdürmekdäki ähmiýeti» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Çykyşlarda häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak baradaky maksatnamalarynyň çäginde kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, döwlet ekologiýa kanunçylyk namalaryny konwensiýalarda kesgitlenen ýörelgeler bilen utgaşdyrmak arkaly kämilleşdirýändigi bellenildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde, şeýle hem Hazarýaka we Aralýaka sebitlerinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek arkaly durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ekologiýa we durmuş-ykdysady taýdan ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlary sebitiň ýurtlary tarapyndan hem uly goldawa eýe bolýar.
Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar çärä özboluşly öwüşgin berdi.
Çäre bilen ugurdaş türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň, şeýle hem talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalaryň sergisi guraldy. Şonuň ýaly-da, uniwersitetiň mugallymlaryna we talyplaryna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalyk şahadatnamalarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30