Talyplar Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň degişli edaralarynda önümçilik tejribeligini geçdiler

16

2025-nji ýylyň 23-nji iýuny — 5-nji iýuly aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň durmuş işi hünäriniň 2-nji ýyl talyplary Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň degişli edaralarynda önümçilik tejribeligini geçdiler.
Talyplar önümçilik tejribeliginde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer syýasatlaryndan ugur alyp, ýokary okuw mekdebinde alan nazary bilimlerini amaly taýdan durmuşa geçirmek babatda degişli işleri alyp bardylar.
Önümçilik tejribeliginiň çäklerinde talyplar durmuş işi boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň iş ugurlaryna laýyklykda alnyp barylýan ähmiýetli işleriň aýratynlyklaryny özleşdirdiler.
Önümçilik tejribeligi döwründe sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) çäginde iş alyp barýan halkara bilermenler tarapyndan durmuş işi boýunça söhbetdeşlikler geçirildi, bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeler boýunça pikirler alşyldy.
Önümçilik tejribeligi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak hem-de Bilim ministrlikleriniň ÝUNISEF-niň iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde alnyp baryldy.
ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hünärmenleri, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak hem-de Bilim ministrlikleriniň garamagyndaky edaralaryň wekilleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň önümçilik tejribeliklerine ýardam bermek bilen, öňdebaryjy tejribelerini paýlaşdylar.
Önümçilik tejribeligini geçen talyplara, usulyýetçi mugallymlara, şeýle hem ýurdumyzda bu ugurda iş alyp barýan hünärmenlere ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.
Bu asylly işleri durmuşa geçirmekde döredilýän giň mümkinçilikler üçin önümçilik tejribeligine gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30