Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaplarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
3121-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» ylmy-ensiklopedik işiniň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden professor-mugallymlar we talyplar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýetlidigi bellenilip, täze neşirlerde Watanyň her bir daban topragyna, gözel tebigatyna söýginiň eriş-argaç bolup geçýändigi aýratyn nygtaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada giňişleýin bellenildi.
Çykyşlarda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli türkmen, iňlis we rus dillerinde «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly 22 bölümden ajaýyp kitabynyň neşir edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň häzirki zaman türkmen jemgyýetindäki mynasyp ornuny dolulygyna kesgitlemekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen «Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly aýdym dabara özboluşly öwüşgin berdi.
Dabara bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda guralan türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleriniň we olardan taýýarlanan dermanlyk önümleriniň hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalaryň sergisi köp adamly bolup, ol gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen tebigatynda ösýän dermanlyk ösümlikleriniň häsiýetli aýratynlyklaryny ylmy we amaly taýdan öwrenmek bilen, ylymly-bilimli ýaşlary kemala getirmekde alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.