Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleri we ylmy-barlag merkezleriniň XXVII Baş Assambleýasy

36

Atyrau şäherinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleri we ylmy-barlag merkezleriniň XXVII Baş Assambleýasy geçirildi. Bu halkara ylmy-amaly maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň gidrometeorologiýa kafedrasynyň müdiri, geografiýa ylymlarynyň kandidaty Gapurjan Hamraýew hem-de uniwersitetiň uly mugallymy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Çemen Kuliýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ylym bölüminiň müdiri Garabeg Goşaýew, şeýle hem uniwersitetiň nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň müdiri Sahid Annanepesow gatnaşdylar.
Halel Dosmuhamedow adyndaky Atyrau uniwersitetiniň binýadynda Hazarýaka ýurtlaryň uniwersitetleriň we ylmy-barlag merkezleriniň XXVII Baş Assambleýasynyň açylyş dabarasy boldy. «Hazar ekoulgamy: ylmyň we bilimiň integrasiýasy» temasy boýunça geçirilen forumda çykyşlara giň orun berildi. Gurama 1996-njy ýylda döredilip, Hazarýaka ýurtlaryň döwlet uniwersitetleriniň assosiasiýasy üç onýyllykdan gowrak wagt bäri Türkmenistan, Gazagystan, Russiýa, Azerbaýjan we Eýran döwletleriniň öňdebaryjy uniwersitetlerini birleşdirýär. Häzirki wagtda onuň düzüminde 64 uniwersitet we ylmy-barlag instituty bar. Assosiasiýa ady agzalan ýurtlardan 64 uniwersiteti we ylmy merkezleri öz içine alýar. Birleşmäniň esasy maksady akademik hyzmatdaşlygy ösdürmekden, bilelikdäki ylmy barlaglary, medeni gepleşikleri geçirmekden we sebitde esasy meseleleri çözmek üçin bilelikdäki tagallalary birleşdirmekden ybaratdyr.
Assambleýanyň açylyşynda uniwersitetiň rektory Salamat Idrisow, duşuşygyň Atyrauda — Hazarýaka sebitiň ýüreginde geçirilýändigini aýratyn nygtap, şäheriň Gazagystanyň taryhynyň, medeniýetiniň we energiýasynyň kesişýän ýeri diýip belledi. Bellenilişi ýaly, uniwersitetleriň tagallalary birleşdirip, Hazarýaka sebitindäki umumy ekologiýa, tehnologiýa we ynsanperwer wezipeleri çözmäge gönükdirilýär.
Duşuşygyň dowamynda Halel Dosmuhamedow adyndaky Atyrau uniwersitetiniň rektory Salamat Idrisow Assosiasiýanyň täze prezidenti saýlandy. Ol Assosiasiýanyň ýolbaşçysy hökmünde ilkinji çykyşynda guramanyň 2025 — 2030-nji ýyllar üçin strategiýasyny beýan etdi we esasy ähmiýetli ugurlaryň altysyna ünsi çekdi. Olaryň arasynda ylmy barlaglary we innowasiýalary bilelikde ösdürmek, ekologiýa, deňiz ykdysadyýeti, «ýaşyl energiýa» we baýlyklary rejeli peýdalanmak ugurlarynda Hazarýaka barlaglar boýunça konsorsium döretmek, şeýle hem Hazarýaka bilim giňişligini kemala getirmek ýaly ugurlar bar.
Maslahatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň gidrometeorologiýa kafedrasynyň müdiri, geografiýa ylymlarynyň kandidaty Gapurjan Hamraýew «Gündogar Hazarýakasynyň çäge çölleriniň relýefiniň morfologiýasy we genezisi» atly doklad bilen çykyş etdi.
Çäräniň çäklerinde öňdebaryjy uniwersitetleriň rektorlary, alymlardyr hünärmenler ylym, bilim, ekologiýa we innowasiýalar babatda Hazarýaka sebitinde ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30