Ýaş žurnalistler üçin okuw kitaby

196

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan «Biziň ýurdumyz öz halkynyň gujur-gaýratyna we ruhubelentligine daýanyp, ertekileriň gahrymany äpet pälwanlar ýaly, päsgelçilikleri we kynçylyklary çalt ýeňip geçýär» diýlip ýokary baha berlen eziz Diýarymyzyň ynamly ösüşlerinde bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň-de mynasyp ornunyň bardygy äşgärdir.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedow tarapyndan taýýarlanyp, Türkmen döwlet neşirýaty tarapyndan neşir edilen “Habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýeti we menejmenti” okuw kitabynda bazar şertlerinde hereket edýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň (KHBS) ykdysadyýeti, menejmenti we marketingi barada söhbet edilýär.
Žurnalistika hünäri boýunça okatmagyň halkara tejribesine, Internet maglumatlaryna, şeýle hem, türkmen awtorlarynyň ylmy işlerine esaslanylyp taýýarlanylan bu okuw kitaby arkaly talyplar KHBS-iň bu ugurlardaky işi döwrebap, oýlanyşykly alyp barmak başarnygyny kemala getirmäge gönükdirilen bilimleri alarlar.
Milli Lidrimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň okuw kitaplaryny taýýarlamak, döwrebap hünärmenleri ýetişdirmek babatdaky öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp neşir edilen bu kitap ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäriniň talyplary, şol sanda ders berýän mugallymlary üçin niýetlenendir. Ol KHBS-de zähmet çekýän žurnalistler üçin-de peýdaly bolup biler.

Kitabyň elektron görnüşini ŞU ÝERDEN ýükläň.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30