Wideoşekilli maslahat
1750Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guramagynda 2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda “Türkmenistanda himiýa ylmyny we himiki tehnologiýalary toplumlaýyn ösdürmegiň esasy ugurlary” atly wideoşekilli maslahat geçirildi.