Türkmen wekiliýeti Gyrgyz Respublikasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahata gatnaşdy
3721-2-nji dekabrda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Bişkek şäherinde Gündogaryň beýik akyldar we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklarynda tutýan orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem türkmen wekiliýetiniň düzüminde Bişkek şäherinde saparda boldular.
1-nji dekabrda Manas adyndaky Gyrgyz-türk uniwersitetiniň Kasym Tynystanow adyndaky mejlisler jaýynda ýaýbaňlandyrylan maslahata ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, Bişkek şäherinde okaýan türkmen talyplary hem gatnaşdylar. Onda Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri, Manas adyndaky Gyrgyz-türk uniwersitetiniň rektory Alparslan Jeýlan, şol ýokary okuw mekdebiniň ynsanperwer bilimleri fakultetiniň dekany Alparslan Aşyk we türkmen wekiliýetiniň agzalary çykyş etdiler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň wekilleriniň çykyşlary hem maslahata gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Olaryň gürrüňlerinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boýunça gyzykly maglumatlar öz beýanyny tapdy. Maslahat bilen ugurdaşlykda uniwersitetiň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryna, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillerde çap edilen neşirlerine, türkmen halkynyň medeni mirasynyň gymmatlyklaryna giň orun berlip, olar bu ýere gelenlerde aýratyn täsir galdyrdy.
Günüň ikinji ýarymynda Manas uniwersitetiniň ynsanperwer bilimleri fakultetiniň dekany Alparslan Aşygyň ýolbaşçylygynda bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar bilen türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň duşuşygy boldy. Onuň çäginde ylym-bilim, medeni ulgamlarda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alşyldy. Hususan-da, Alparslan Aşyk Manas adyndaky Gyrgyz-türk uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda teleköpri sapaklary guramak, ýygyndylarda, ylmy žurnallarda makalalary çap etmek boýunça teklipleri hödürledi. Ýurduň «Manas» teleýaýlymynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda ylmy maslahatyň netijelerine hem-de akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyna, türkmen-gyrgyz doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanan tegelek stolyň başyndaky gepleşik tomaşaçylara hödürlenildi.
2-nji dekabrda Gyrgyz Milli ylymlar akademiýasynyň Çingiz Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktory Abdyljahan Akmatalyýewiň ýolbaşçylygynda gyrgyz alymlary bilen ýurdumyzyň ylmy wekiliýetiniň duşuşygy hem örän netijeli häsiýete eýe boldy. Onuň dowamynda Magtymgulynyň döredijiligini bilelikde öwrenmek, onuň edebi mirasyny, şanly toýuny gyrgyz topragynda hem giňden dabaralandyrmak boýunça işleri ýaýbaňlandyrmak, Çingiz Aýtmatow barada türkmenistanly alymlaryň hem-de ýazyjy-şahyrlaryň işlerini, pikirlerini toplamak hakda başlangyçlar öňe sürüldi. Manas teatrynyň artistleri bilen bolan duşuşyk hem täsirliligi bilen tapawutlanyp, gyrgyzystanly sahna ussatlarynyň «Manas» eposyndan ýerine ýetirip beren monologlary bu ýere gelenlere ruhy lezzet paýlady. Gyrgyz Respublikasynyň Milli taryh muzeýine guralan syýahatda türkmen wekiliýetiniň agzalary ýurduň çäginden ýüze çykarylan arheologik tapyndylar, gyrgyz halkynyň baý medeni mirasy, etnografik gymmatlyklary, däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik tapdylar.
Mahlasy, golýazmalar toplumy we doglan gününiň 300 ýyllygy ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizilen Magtymguly Pyraga bagyşlanan ylmy maslahatyň dostlukly Gyrgyz Respublikasynda ýokary derejede geçirilmegi beýik türkmen şahyryna doganlyk ýurtda egsilmez hormat-sarpa goýulýandygyny görkezdi.