Türkmen halk ertekilerinden parçalar
131Türkmen halkymyz medeni hem edebi mirasa baý halk. Halk döredijiligi eserlerimiz bolsa, bize pederlerimizden gelip gowşan miras. Gahryman Arkadagymyzyň: «Halk döredijiliginiň baý mirasyny öwrenip, ylmy taýdan seljermek, türkmen halkynyň taryhy, medeni mirasy boýunça ylmy barlaglary alyp barmak öňde duran möhüm wezipeleriň biridir» diýen sözleri halk döredijiligimizi öwrenijilere ruhy güýçdür. Türkmen halk döredijiliginiň kyssa toparynyň iň köp ýaýran žanrlarynyň biri bolsa ertekilerdir. Ertekilerde halkyň geljege bolan ynanjy, isleg-arzuwy gadym wagtda bolup geçen waka hökmünde şöhlelendirilýär.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmakda ähmiýetli işler alnyp barylýar. Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýetirilen «Türkmen halk ertekileri» atly kitapça, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary tarapyndan: türk, arap, hytaý, nemes, fransuz, italýan, iňlis dillerine terjime edildi. Bu kitapça Türkmen halk ertekileriniň ençemesini bir ýere jemledi.