Döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlendi
12510-njy maýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň «Magtymguly Pyragy» muzeýinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaralandyrmak, umumyadamzat gymmatlygy bolan parahatçylyk, ynanyşmak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini ýaş nesliň arasynda giňden wagyz etmek, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Nesil» we «Biznes reklama» gazetleriniň redaksiýalary tarapyndan yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» hem-de «Owadan ýazuw» atly döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabara ýazyjy-şahyrlar bilen bir hatarda medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Magtymguly etrabynyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Ýeňijilere bäsleşikleri gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Olaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary Ilmyrat Babaýewiň, Muhammetnur Mahtumowyň, Mukam Bekgylyjowyň we Parahat Batyrowyň barlygy aýratyn bellärliklidir.