Aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi

83

14-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – durnukly ösüşiň binýady” atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden mugallymlar we talyplar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmagyň ugrunda alyp barýan syýasaty, sebit we dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, Alym Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde parahatçylygyň, abadan durmuşyň beýany, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň orny barada belläp geçdiler. Çykyşlarda Türkmen Bitaraplygynyň häzirki zaman jemgyýetindäki ähmiýetini bellemek bilen, ýurdumyzyň başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýalarynyň mejlislerinde sebitde we dünýäde Durnukly ösüşi üpjün etmegiň maksatlaryna ýetmek üçin öňe sürülýän başlangyçlary esasynda Kararnamalaryň 30-dan gowragynyň kabul edilmeginiň taryhy ähmiýeti dogrusynda nygtaldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylarynyň Hormatly Prezidentimiziň beýik tutumly işlerini wasp edýän “Alkyş Size Arkadagly Gahryman Serdarymyz”, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini şöhratlandyrýan “Janym Watan” aýdymlary, şonuň ýaly-da, Magtymguly Pyragynyň “Bady-sabany görsem” goşgusyna ýerine ýetirilen aýdym hem-de taryh fakultetiniň talyplarynyň ýerine ýetiren “Asyrlaryň arzuwy” atly edebi-sazly kompozisiýa çärä gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Wagyz-nesihat çäre bilen ugurdaş türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndylarynyň, professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, monografiýalarynyň hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalaryň, programma üpjünçiligi boýunça işläp düzmeleriň sergisi guraldy.
Wagyz-nesihat çäresi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalygyna kabul edilen taryh fakultetiniň mugallymlaryna we talyplaryna agzalyk şahadatnamalarynyň gowşurylyş dabarasy bilen utgaşdy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan, Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýäde giňden dabaralandyrýan, ýaşlaryň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly ýokary derejeli hünärmenleri kemala getirmek bilen bagly durmuşa geçirýän tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri beýan edildi.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30