Çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi
7620-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda “Zeminiň abatlygy – ýaşaýşyň ebediligi” atly çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda, talyplar Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan çeper okaýşy ýatdan ýerine ýetirdiler. Bäsleşige gatnaşan talyplar sahnada özüni alyp barşy hem-de ses, diksiýa, intonasiýa, mimika ýaly aýratynlyklary boýunça bahalandyryldy.
Çeper okaýyş bäsleşiginiň ýeňijileri uniwersitetiň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Bäsleşik bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw binasynyň eýwanynda “Saglyk – abatlyk” atly diwar gazetiniň sergisi guraldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny dabaralandyryp, sagdyn durmuş ýöregesine eýerýän ýaş nesli kemala getirmek, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.