GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumy işini tamamlady

82

2025-nji ýylyň 14-15-nji maýynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde ýerleşýän Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň jaýynda “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: ynsanperwer hyzmatdaşlykda täze mümkinçilikler” atly döredijilik we ylmy intelligensiýanyň XVIII forumy geçirildi. Bu foruma Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
14-nji maýda geçirilen plenar mejlisinde GDA gatnaşyjy döwletleriň wekilleri, şol sanda Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň prorektory B. Gutlymyradow dagylar çykyş etdiler.
Soňra “Arkalaşyk halklarynyň beýik Ýeňşe goşandy” atly panel görnüşli duşuşygy geçirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Ylym bölüminiň başlygy M.Hojagulyýewiň çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda GDA ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ugurlary dogrusynda alnyp barylýan işleri beýan edildi. Aýratyn ünsi ýurdumyzdaky Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işlere çekildi. Şeýle hem, türkmen halkynyň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda beýik Ýeňşe goşandy hakyndaky meseleler boýunça pikir alşyldy.
15-nji maýda guralan söhbetdeşlik meýdançalarda Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleri hem çykyş etdiler.
16-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Täjik milli uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnamanyň çäklerinde täjik tarapynyň hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi.
Forumyň dowamynda, Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň gaznasyna we Täjik milli uniwersitetiniň ylmy kitaphanasyna Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli neşir edilen kitaplary sowgat berildi.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30