Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaş wagyzçylar bilen okuw geçirildi

102

21-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde şu ýylyň 5 — 8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň III maslahatyna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlaryndan saýlanan ýaş wagyzçylar gatnaşdylar. Okuw sapagyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, professor, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy A.Burynow alyp bardy. Ol deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösüşini üpjün etmekde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň orny barada giňişleýin gürrüň berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylda eziz Watanymyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde möhüm meýilnamalar amala aşyrylýar. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygyň has-da ilerledilmegine giň ýol açýar. Dünýäde parahatçylygy ösdürmek, ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň netijesinde alnyp barylýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlary, hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz Türkmenistanyň abraý-mertebesini has-da belende göterýär.
Okuw sapagynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ulag-aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek babatda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleriň Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň ileri tutulýan ugrydygy aýratyn nygtalyp geçildi.






Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30