Ylmy-usuly maslahat geçirildi
5323-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak syýasaty — Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ygtybarly ýoly» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi.
Maslahat öz işini umumy bölümde, şeýle hem «Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak syýasaty ýaş nesliň ekologiýa bilimini döwrebap kämilleşdirmegiň baş ýörelgesidir», «Türkmenistanda daşky gurşawy goramak meseleleriniň ylmy çözgütleriniň ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti», «Türkmenistanyň biodürlüligini goramagyň we köpeltmegiň häzirki zaman meseleleri», «Himiýa senagatynyň pudaklarynyň döwrebap ösdürilmeginde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň orny» atly bölümçelerde dowam etdi. Olarda ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplarynyň we ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň ylmy, ylmy-usuly, ylmy-amaly häsiýetdäki çykyşlarynyň 180-e golaýy diňlenildi.
Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet ekologiýa syýasaty netijesinde Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň uly goldawa eýe bolýandygy aýratyn bellenildi.
Maslahat bilen ugurdaşlykda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanylan daşky gurşaw bilen baglanyşykly taslamalaryň sergisi guraldy.
Ylmy-usuly maslahata gatnaşanlar il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.