Türkmen döwlet uniwersitetinde Gawr uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
11123-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Fransiýa Respublikasynyň Gawr uniwersitetiniň wise-prezidenti Ž-N.Kastorionyň we Halkara aragatnaşyklar boýunça direktory P.Barteleminiň Türkmenistana saparynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Fransiýa Respublikasynyň Gawr uniwersitetiniň wekilleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar hem-de wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Türkmen döwlet uniwersitetinde dürli ýyllarda beýleki daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda fransuz dili we edebiýaty hünäri boýunça hem ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýandygy bellenilip geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda döredilýän mümkinçilikler, şeýle hem parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna alnyp barylýan giň gerimli işler üçin iki döwletiň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler.