Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

110

23-nji maýda Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim guramasynyň başlygy Erol Özwaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyk geçirildi. Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň tagallalary bilen häzirki wagtda ylym-bilim ugurlarynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejede ösdürilýändigi bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory we Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim guramasynyň başlygy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda türk dili we edebiýaty hünäri boýunça ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýandygy bellenilip geçildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda döredilýän giň mümkinçilikler üçin iki döwletiň Baştutanlaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30