«Talyp joşguny — 2025» atly döredijilik festiwalynyň uniwersitet tapgyry geçirildi

125

26-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan eden «Talyp joşguny — 2025» atly döredijilik festiwalynyň uniwersitet tapgyry geçirildi.
Festiwalda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly edebi-sazly kompozisiýa, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, ata Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlara uly orun berildi. Talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde aýdyşyk aýdymy, türkmen halk aýdymy, sazly çykyş, degişme sahnasy, halk döredijiliginiň eserlerinden parçalar, çeper okaýyş, şeýle hem meşhur awtorlar tarapyndan döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek, taryhda yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň keşbini çeper ussatlyk bilen janlandyrýan teatrlaşdyrylan sahna oýny, saz astynda tansly çykyşlar ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Döredijilik festiwalynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda ýaşlar we ynsanperwerlik syýasatyny giňden dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30