«Gadymy Gündogar filosofiýasy» atly täze okuw kitaby çap edildi
94Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä ülňüleriniň derejesine ýokary götermek üçin bu ulgamda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň çäklerinde dünýägaraýyş ähmiýetli jemgyýetçilik ylymlarynyň tutuş bir toplumy, şol sanda filosofiýa ähli ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna girizildi we bu dersler boýunça okuwlaryň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmäge, ony yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn uly ähmiýet berilýär.
Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hödürlemeginde ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenilen «Gadymy Gündogar filosofiýasy» atly okuw kitaby çapdan çykdy. Ony Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Alym Salyhow taýýarlady.
Okuw kitabynda gadymy Gündogar filosofiýasynyň mazmuny, ýerine ýetirýän hyzmatlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Gadymy Gündogar filosofiýasynyň jemgyýetiň durmuşyndaky orny, ähmiýeti kesgitlenilýär, onuň döreýiş we ösüş taryhy beýan edilýär. Awtor filosofik taglymatlara seljerme bermek bilen, olaryň many-mazmunyny, özara baglanyşyklaryny we möhüm meselelerini açyp görkezýär.
Okuw kitaby geljekki hünärmenlerde ylmy dünýägaraýşy, filosofiýa medeniýetini, döredijilikli pikirlenmegi kemala getirmegi maksat edinýär.
Talyplara, aspirantlara we filosofiýa ylmy bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligine niýetlenilen bu neşir «Gadymy Gündogar filosofiýasy» okuw dersi boýunça taýýarlanylan kitaplaryň ilkinjileriniň biridir.