Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady

117

Şu gün, 29-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde bilimiň, ylmyň we innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň ýokary we mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy institutlarynyň we Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlary, ylmy işgärleri, aspirantlarydyr doktorantlary gatnaşýarlar.
Halkara ylmy-amaly maslahatda Russiýa Federasiýasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Beýik Britaniýanyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Bangladeşiň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň 80-den gowragyndan 310-a golaý professor-mugallymlar we alymlar wekilçilik edýän ugurlarynda gazanan üstünlikleri, alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.
Halkara maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş edenler soňky ýyllarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şunda dürli ýyllarda Bitarap Türkmenistanyň strategik hyzmatdaş döwletler bilen gatnaşyklaryň berk binýady bolan bilim, ylym we tehnologiýalar babatda alyp barýan işleriniň taryhy ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy.
Türkmenistanly we daşary ýurtly alymlar, professor-mugallymlar wekilçilik edýän ýokary okuw mekdeplerinde, ylym-bilim merkezlerinde alnyp barylýan ylmy-barlag işler hem-de olaryň önümçilik arabaglanyşygynyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Maslahata gatnaşyjylar dost-doganlyk ýörelgeleriniň täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen dowamat-dowam bolýandygyny buýsanç bilen bellediler.
Ertir, 30-njy maýda halkara ylmy-amaly maslahatyň işi «Bio-himiki we nanotehnologiýalary ösdürmegiň hem-de olaryň gazanan üstünliklerini önümçilige ornaşdyrmagyň, daşky gurşawy goramagyň meseleleri. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary», «Matematikada, fizikada we astronomiýada ylmy barlaglar. Sanly bilim, maglumat ulgamy we kompýuter tehnologiýalary, kiber howpsuzlygy hem-de ykdysadyýetiň pudaklaryna emeli aňyň ornaşdyrylmagy», «Ynsanperwer ylymlary: taryh, sosiologiýa, filosofiýa, psihologiýa we pedagogika, hukuk öwreniş ylymlarynyň häzirki zaman ösüşi» hem-de «Filologiýanyň meseleleri: türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň hem-de okatmagyň usullary. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti» ýaly bölümçelerde dowam eder. Olarda professor-mugallymlar, alymlar, ylmy işgärler, doktorantlardyr aspirantlar ylmy nutuklar bilen çykyşlar ederler we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça pikir alşarlar.
Halkara ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy maglumatlara baý bolan kitaplarynyň, professor-mugallymlaryň, alymlaryň monografiýalarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň, ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşlerini beýan edýän taslamalaryň, milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylar topary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazlar sergä gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Halkara maslahatyň umumy mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym, bilim we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy ösdürip, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň kämilleşmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30