Çagalar baradaky alada — geljegiň berk binýady

33

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Çagalary goramagyň halkara güni milli senenamamyzda şanly sene hökmünd orun aldy. Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Bagtyýar durmuşda ýaşaýan çagalaryň şatlykly gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň iň ajaýyp güwäsidir. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, şeýle hem ýörite maksatnamalar çagalaryň doly derejeli dynç almaklaryna, okamaklaryna, döretmeklerine, olaryň bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.
Türkmenistan dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny alandan soňra dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň biri bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň bölümleri bilen hem hyzmatdaşlygyny giň gerim bilen ösdürip başlady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biz halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri, hususan-da, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Bu gurama eneligi we çagalary goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, maşgalanyň maddy abadançylygyny ýokarlandyrmak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar» diýip belleýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen hyzmatdaşlygy-da ýylsaýyn işjeňleşýär. Bu gurama 1946-njy ýylyň 11-nji dekabrynda döredildi. ÝUNISEF-iň işi bütin dünýäniň çagalarynyň hukuklaryny goramaga we olary goldamaga bagyşlanandyr. Onuň esasy maksady çagalaryň jynsyna, dini ynanjyna garamazdan olaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak bolup durýar. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilmek bilen Çagalar gaznasynyň hem agzasy boldy. Hut şol döwürden başlap Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek maksady bilen uly iş alyp barýar. 1993-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň çagalaryň goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly Ählumumy Jarnama goşulmagy, 1994-nji ýylyň sentýabrynda bolsa «Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa» goşulmagy hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki oňyn başlangyçlar boldy. Soňky ýyllarda hem Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen birnäçe maksatnamalar kabul edildi.
Elbetde, häzirki döwürde halkara guramalary bilen durmuşa geçirilýän işler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanlylaryň, aýratyn-da, çagalaryň kanuny bähbitlerini goramagyň hem-de üpjün etmegiň hukuk kepillikler toplumy bu oňyn syýasatyň anyk durmuş ugurlydygynyň subutnamasydyr. Bu ulgamda amala aşyrylýan köptaraplaýyn işler ösüp gelýän nesil barada hakyky atalyk aladasyny edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň özi-de ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar geljegi barada durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň beýandyr. Bu gazna Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylmagy Milli Liderimiziň nusgalyk hem manyly ömür ýolunyň halkymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny subut edýän hakykatdan nyşandyr. Gaznanyň ştab-kwartirasynyň Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde ýerleşdirilmeginde hem aýratyn many bar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu köpugurly merkez haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen ilkinji merkezdir.
Ýaş nesilleriň abadançylygynyň we hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmeginde olaryň sagdynlygyna möhüm orun degişlidir. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýä, sportuň dürli görnüşlerine çekilmegi wajyp şert bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, orta mekdeplerde we çagalar baglarynda, çagalar sagaldyş merkezlerinde, ýokary okuw mekdeplerinde, ýaşaýyş toplumlarynda stadionlaryň, beýleki ugurdaş desgalaryň, sport mekdepleriniň gurulmagyna aýratyn üns berilýär. Çünki bedenterbiýe we sport ýaşlarda ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmeginde, aň-paýhas ukyplarynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň döredijilik hem-de sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanmaklary üçin-de ajaýyp mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary geljek nesillere geçirmek ýörelgeleri bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda ýaş maşgalalara goldaw bermek boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar.
Çagalaryň dynç alşy barada aýdylanda, her tomus möwsüminde Gökdere jülgesinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän sagaldyş merkezlerinde dürli ýaş toparlary üçin ýaryşlaryň, döwlet, halkara derejeli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan ýaşajyk artistleriň, höwesjeň çagalar döredijilik toparlarynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň, sazandalaryň gatnaşmaklarynda konsertleriň geçirilýändigini nygtamalydyrys. Mundan başga-da, sport ýaryşlary, sahna çykyşlary, çeper okaýyşlar we beýleki çäreler guralýar.
Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda döwrebap enjamlar, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we mekdepleriň, saglygy goraýyş edaralarynyň, çagalar we ýetginjekler üçin medeni merkezleriň, sport toplumlarynyň, dynç alyş merkezleriniň yzygiderli gurulýandygyny bellemek gerek. Şoňa görä-de, bu günki gün bagtyýar çagalaryň ýüzündäki şatlyk, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeklerine, saglygyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň anyk beýanydyr.
Ösüp gelýän ýaş nesiller — ajaýyp zamanamyzyň gül-gunçalaryna deňelýän mähriban körpelerimiz biziň ynam-arzuwlarymyzdyr. Şonuň üçinem watansöýüji, berk bedenli, sagdyn nesilleri terbiýelemek babatda alnyp barylýan möhüm işler aýratyn many-mazmuna beslenýär. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly aladalarynyň aýdyň netijesidir. Hut şeýle bolansoň bagtyýar nesillerimiziň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan alkyşly sözleri asla egsilmeýär.

Döwlet BAÝMYRADOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň
uly mugallymy, syýasy ylymlaryň kandidaty.

Işan HUDAÝBERDIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30