«Kitap ähli zady öwredýän dana — zehin hazynasyn açar okana» atly kitap okamak bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
14Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Gahryman Arkadymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndan ruhlanyp, edep-terbiýeli, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek maksady bilen, talyplaryň arasynda geçirilen «Kitap ähli zady öwredýän dana — zehin hazynasyn açar okana» atly kitap okamak bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabarada uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr talyplary çykyş edip, olar ylym-bilim we ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde kitaplaryň ähmiýeti, türkmen halkynyň şöhratly taryhy, meşhur şahsyýetleri barada belläp geçdiler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusynyň esasynda taýýarlanylan edebi-sazly kompozisiýa, alym Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda parahatçylygyň beýik nusgasyny aýdym-saz sungaty bilen taryhda mynasyp orna eýe bolan Şükür bagşynyň keşbini janlandyrmak bilen ýerine ýetirilen sahna oýny, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerinden çeper okaýyşlar boldy.
Dabaranyň has şowhunly pursatlarynda «Kitap ähli zady öwredýän dana — zehin hazynasyn açar okana» atly kitap okamak bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bilen utgaşdy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan, ýaşlaryň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi bilen bagly durmuşa geçirýän özgertmeleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.