«Medeniýetara dialogy we ynanyşmagy ösdürmekde sanly platformalaryň orny» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

15

30-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Medeniýetara dialogy we ynanyşmagy ösdürmekde sanly platformalaryň orny» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ylym, tehnologiýalar maksatnamasy boýunça emeli intellekti we emeli aňy ösdürmegiň hem-de bilim ulgamynda sanly platformalaryň mümkinçilikleri, täze taryhy döwürde bu ugurda alnyp barylýan işler barada bellenildi.
Wagyz-nesihat çäräniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlaryna we talyplaryna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalyk şahadatnamalarynyň gowşurylyş dabarasy hem boldy.
Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen «Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!», «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda», «Watanym», «Türkmenistan» ýaly aýdymlar çärä gatnaşyjylarda täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda ýaşlaryň ylym-bilimli we giň dünýägaraýyşly ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30