Awazada geçiriljek halkara maslahata bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy
3618-nji iýulda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylykly geçirilmeginde meýletinçileriň orny» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk 4 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda guraldy.
Duşuşykda çykyş eden mugallymlar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, parlamentara, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň göz öňünde tutulýandygyny belläp geçdiler. Şonuň ýaly-da, halkara forum bilen ugurdaş ýokary derejedäki tematik «tegelek stollaryň», ýokary derejedäki forumlaryň 7-siniň, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygynyň, parlament forumynyň, hususy pudagyň forumynyň, raýat jemgyýetiniň forumynyň, ýaşlar forumynyň, zenan ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň, arabaglanyşyk boýunça çäräniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň we onuň çäklerinde medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň dabaraly konsertiniň geçirilmeginiň halkara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ornunyň uludygyny görkezýändigi nygtaldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek beýan edilen halkara malsahatlar, forumlar we beýleki medeni-ynsanperwer çärelerde daşary ýurtlardan gelen wekiliýet toparyna, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine hyzmat etmegiň halkara medeniýetiniň etikasy boýunça işleri alyp barmagyň kadalary beýan edildi.
Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjy meýletinçi mugallymlardyr talyplar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy-bilimi ösdürmek, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.