Pedagogik işgärleri işe kabul etmek boýunça bäsleşik yglan edilýär

106

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti aşakdaky hünärler boýunça 2025-2026-nji okuw ýylynda pedagogik işgärleri işe kabul etmek boýunça bäsleşik yglan edýär:

Rus dili we edebiýaty mugallymy – 1
Fizika mugallymy - 1
Matematika mugallymy - 1

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine işe kabul etmek boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşýan pedagogik işgärleriň wezipeleri boýunça hünär derejesi babatda edilýän talaplar:

• Mugallymçylyk ugry boýunça hünärmen ýa-da magistr derejeli ýokary bilimi bolmaly.
• Ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diploma ýa-da gowy bahalar bilen tamamlan bolmaly. (Pedagogik işgärleriň wezipe birligini eýelemäge dalaş edýäniň ortaça bahasy bahalandyrmagyň 5 bally ulgamynda azyndan 4,5; hasap birlikleriniň ulgamynda (kredit ulgamynda) 85 baldan az bolmaly däl)
• Mugallymçylyk işinde 3 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolmaly.
• Alymlyk ady ýa-da alymlyk derejesi bolan pedagogik işgärlere artykmaçlyk berilýär.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine işe kabul etmek boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşýan pedagogik işgärleriň tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy:

• Rektoryň adyna ýazylan arza.
• Ýokary bilim hakyndaky diplomyň nusgasy.
• Hasap-synag sanawnamasyndan göçürmäniň nusgasy.
• Soňky iş ýerinden häsiýetnama.
• Şahsy iş kagyzy.
• Zähmet depderçäniň nusgasy.
• Pasportyň nusgasy.

Bäsleşigiň geçirilýän ýeriniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31, tel.: 94-69-90, 94-54-29.
Bäsleşige arzalary kabul etmegiň möhleti: 21.07.2025ý. – 21.08.2025ý.
Bäsleşigiň geçirilýän senesi: 25.08.2025ý. – 30.08.2025ý.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30