Ýewropa okuw gaznasynyň tomusky okuwlary

99

2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda maglumat ulgamlary we tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy B.Jumaýew Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropa okuw gaznasynyň “Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket” (DARYA) atly taslamasynyň çäginde 2025-nji ýylda amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda “Inklýuziw okatmagyň we öwrenmegiň SCAFFOLD usulyýeti” boýunça Gyrgyz Respublikasynda geçirilen tomusky okuwlaryna gatnaşdy. Geçirilen okuwlaryň dowamynda Ýewropa okuw gaznasynyň bilermeni tarapyndan hünär kämilleşdiriliş bilen bagly okuw sapaklary guraldy. Okuwyň netijeleri boýunça gatşyjylara Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropa okuw gaznasynyň Şahadatnamalary gowşuryldy.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30