Bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi

65

23-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary bilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Maslahata bilim ulgamynyň işgärleri, mugallymlar gatnaşdylar.
Bu ýerde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde bilimiň hiliniň we mazmunynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda üpjün edilmegi, okuw-terbiýeçilik işindäki öňdebaryjy tejribeler nazara alnyp, ýaş nesliň aň-paýhas, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi bilen baglanyşykly özgertmeler barada bellediler.
Çykyşlarda bilim ulgamynda geçen okuw ýylynyň jemleri seljerilip, täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işlerde bilim ulgamyny ösdürmek babatda kesgitlenen wezipeler, şol sanda täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we hilini täze derejelere çykarmak üçin kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny, şeýle hem okuw dersleri boýunça dürli okuw-usuly gollanmalaryny işläp taýýarlamak, halkara tejribeleriň esasynda pedagogik işgärleri taýýarlamak, hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmegiň gurallaryny kämilleşdirmek hem-de ulgamlaýyn dowam etdirmek babatda çykyşlar edildi.
Şonuň ýaly-da, halkara bilim giňişligindäki maglumat tehnologiýalary babatda gazanylanlar bilen ugurdaşlykda ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmek, halkara bilim bäsleşiklerinde netijeli çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň abraýyny dünýä ýaýýan zehinli okuwçylary hem-de talyp ýaşlary ýüze çykarmak, täze okuw ýylynda halkara ders olimpiadalarynyň gerimini giňeltmek, ýaşlary ylmy-döredijilik işlere hem-de geljekki hünärlere ugrukdyrmak barada giňişleýin bellenilip geçildi.
Bilim işgärleriniň maslahatynda daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek ugrunda gazanylan netijelerdir öňde durýan wezipeler, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri iňlis dilinde okatmagyň innowasion usullary, Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ýeten sepgitleri, bilimiň sanly gurşawyny emele getirmek hem-de innowasion bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ugrunda ýerine ýetirilmeli işler barada giňişleýin aýdyldy.
Maslahat bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, talyp ýaşlaryň dürli bäsleşiklerdir olimpiadalarda we sportda gazanan üstünlikleriniň hem-de milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuwlap, Hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30