Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly bellenildi

272

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenildi.
Dabaraly çäre uniwersitetiň himiýa fakultetiniň okuw binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk dabarasynda, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Dabaranyň dowamynda ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary, 1-nji ýyl talyplary çykyş etdiler. Şeýle-de talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdymlara, tanslara, edebi-sazly kompozisiýalara, çeper okaýyşlara uly orun berildi. Soňra täze — 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy.
Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen geçirildi. Tejribeli mugallymlaryň alyp baran okuw sapaklarynda 2025-nji ýylda eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler boýunça giňişleýin durlup geçildi.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze hünärler girizilýär. Bu babatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem yzygiderli işler alnyp barylýar hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da täze mazmuna eýe bolýar. Milli bilim ulgamyna dünýä ölçegleriniň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Türkmenistanda BMG-niň beýleki ugurdaş düzümleri bilen hem bilelikdäki işler alnyp barylýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde guralýan köp sanly çäreler munuň aýdyň mysalydyr. Şolaryň hatarynda BMG-niň ýurdumyzdaky edaralarynyň wekilleriniň hem-de halkara bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilýän talyplaryň pikir alyşmalaryny, okuw sapaklaryny, ýörite sergileri, maslahatlary hem-de dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça «tegelek stol» görnüşinde guralýan duşuşyklary görkezmek bolar.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30