«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň nobatdaky sany çykdy

47

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Türkmen uniwersiteti» gazetiniň täze sany çykdy.
Gazetiň bu gezekki sanynda hem uniwersitetiň täzeliklerine, mugallymlarydyr talyplarynyň ýazan makalalaryna giň orun berildi. Şeýle hem uniwersitetde geçirilen maslahatlardyr çäreler, mugallymlaryň daşary ýurtda geçirilen foruma gatnaşmagy bilen bagly habarlar ýerleşdirildi.
Okyjylar gazetiň täze sanynda döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlaryň hem-de dürli ýyllarda uniwersiteti tamamlan, türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna deňelýän eserleri miras goýan halypa şahyrlaryň goşgularyny okap bilerler.
Gazetiň täze sanynyň mazmunyny açyp görkezýän suratlar bilen bezelmegi onuň täsirliligini artdyrdy.
Gazetiň täze sanyny ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.



Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30