Türkmen döwlet uniwersitetinde aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi

93

10-njy sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli “Ylym-bilim ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň gözbaşy” atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.
Dabaraly çärede Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim özgertmelerini durmuşa geçirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda çykyş etdiler.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde ýerine ýetirilýän okuw, okuw-usuly, ylmy-barlag we tejribe-amaly işleriniň kämilleşdirilmegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministriniň buýrugy bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda” Düzgünnama laýyklykda, 2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen Milli reýting bahalandyrmasynyň görkezijileri boýunça ýokary netijeleri görkezendikleri üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, uniwersitetiň matematika fakultetine, nazary we eksperimental fizikasy kafedrasyna, matematiki analiz kafedrasyna, şeýle hem bu kafedranyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty N.Gurbanmämmedowa, nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallymy A.Amanmädowa, amaly matematika we informatika kafedrasynyň uly mugallymy M.Aşyralyýewa Türkmenistanyň Bilim ministriniň Hormat hatlary gowşuryldy.
Hormat hatyna “Ýylyň talyby-2025” atly Döwlet bilim Bäsleşiginde I orna mynasyp bolan ekologiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby S.Saryýew hem mynasyp boldy.
Dabaraly çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan ylym-bilim syýasatyny durmuşa geçirmekde aýratyn işeňňirlik görkezýän hukuk fakultetiniň mugallymlaryna we talyplaryna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylar toparynyň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Dabaraly çäre bilen ugurdaş türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalaryň sergisi guraldy.
Aýdym-sazly dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri beýan edildi.












Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30