Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini wagyz etmek bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäre geçirildi
2812-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hem-de 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini wagyz etmek bilen baglanyşykly “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – milli demokratiýanyň döwrebap nusgasy” atly wagyz-nesihat çäre geçirildi.
Wagyz-nesihat çärede Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary çykyş edip, Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşi üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has giň gerime eýe bolýandygyny belläp geçdiler. Çykyşlarda berkarar Watanymyzyň durnukly ösüşiniň häzirki zaman şertlerinde giň gerimde alnyp barylmagy maksatnamalaýyn işler halk bilen häkimiýet edaralarynyň arasynda sazlaşykly ýola goýulýandygy, bu bolsa köpýyllaryň dowamynda asylly däbe öwrülen mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatlarynyň mejlislerinden hem-de olarda kabul ediýän çözgütlerden görmek bolýandygy aýdyldy.
Wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşe, ýaşlaryň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri beýan edildi.