“Magtymguly Pyragy – parahatçylygy wasp eden dana şahyr” atly maslahat geçirildi

36

12-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli “Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň many-mazmunyny ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda giňden wagyz-nesihat etmek boýunça 2025-nji ýylda geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyna” laýyklykda, “Magtymguly Pyragy – parahatçylygy wasp eden dana şahyr” atly maslahat geçirildi.
Maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň, Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş eden mugallymlar we talyplar berkarar Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän tutumly işler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara derejesinde has-da ösdürilip, Türkmenistanyň başlangyçlary bilen uly ykrarnama eýe bolýandygyny, bu bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň binýadyny berkitmekde mynasyp ornuny we dünýäde şan-şöhratyny has-da artdyrýandygyny belläp geçdiler.
Çykyşlarda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny köptaraplaýyn öwrenmekde Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň ähmiýetiniň uludygyny nygtap geçdiler. Şahyryň şygyrlarynda berkarar Watan we kämil jemgyýet baradaky garaýyşlar öz beýanyny tapyp, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ýurdumyzyň binýadyny berkitmekde, jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmekdäki ornuny bellediler.
Maslahatyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny wasp edýän hem-de dutarçylar toparynyň Magtymguly Pyragynyň goşgusyna ýerine ýetiren aýdymlary çärä özboluşly öwüşgin berdi.
Maslahat bilen ugurdaş türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, professor-mugallymlaryň kitaplarynyň hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalaryň, programma üpjünçiliginiň sergisi guraldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan, ýaşlaryň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi, milli we edebi gymmatlyklarymyzy öwrenmek ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri beýan edildi.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30