ÝUNESKO-nyň Ýokary Bilim bölümi bilen duşuşyk geçirildi
6572021-nji ýylyň 4-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Ýokary bilim bölüminiň başlygy jenap Peter Wells bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär wekiliniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedrasyny döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi.