CADAP: Ýewropa Bileleşiginiň sebitleýin forumy geçirildi
810-12-nji sentýabry aralygynda psihologiýa kafedrasynyň mugallymlary S.Ataýewa we S.Geldiýewa hem-de Konstitusiýa hukugy kafedrasynyň mugallymy H.Handurdyýew, şeýle hem 2024-2025-nji ýyllar üçin “Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Ýaş ilçileri” bäsleşiginiň ýeňijisi, iňlis dili we edebiýaty hünäriniň V ýyl talyby B.Abaýewa Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada Neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň (CADAP) çäklerinde “Saglyk we durnukly ösüş parahatçylygyň ýoly hökmünde” atly Merkezi Aziýa ýaşlarynyň sebitleýin forumyna gatnaşdylar. Forumyň “Eko-habarlylyk we saglyk: howa we sagdyn daşky gurşawa ýaşlaryň garaýşy” atly II bölümçesinde mugallym S.Ataýewa “Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda daşky gurşawy goramak boýunça aňyny ösdürmek we saglygy goramak meselesi” atly tema boýunça çykyş etdi.