Uniwersitetimiziň talyplary döredijilik bäsleşiginde ýeňiji boldular

85

3-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda geçirilen «Ýaşlar — beýik geljegi gurujylar» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Şeýle hem çeper edebiýatda, žurnalistikada halypa-şägirtlik ýörelgesiniň ähmiýeti barada döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik bäsleşiginiň iň gowy oçerkler ugry boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby Allanur Çaryýew birinji, iň gowy makalalar ugry boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Parahat Batyrow ikinji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Golaýda jemi jemlenen bäsleşigiň esasy maksady şanly ýylda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri wagyz etmekde ýaşlaryň döredijiligine aýratyn ähmiýet bermekden ybarat boldy. Oňa hödürlenilen eserlerde — makalalarda, oçerklerde, söhbetdeşliklerde saýlanylyp alnan mowzuklaryň anyk mysallar arkaly publisistik äheňde beýan edilmegi baş talap hökmünde görkezildi.
Şeýle hem ýurdumyzyň döwürleýin metbugat neşirlerinde zähmet çekýän halypa we ýaş ýazyjylary, şahyrlary, žurnalistleri hem-de ýokary okuw mekdeplerinde bu ugurdan bilim alýan talyplary bir ýere jemlän döredijilik duşuşygynda, turuwbaşdan, döwrüň döredijilik ruhy barada many-mazmuna baý çykyşlara uly orun berildi.
Duşuşyga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşdylar.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30