Uniwersitetimiziň talyby döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi

30

3-nji oktýabrda paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň birinde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähinde «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilen «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde yglan eden «Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Bu döredijilik bäsleşiginiň netijelerine laýyklykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 3-nji ýyl talyby Mukam Bekgylyjow birinji orna mynasyp boldy. Bäsleşikde iň gowy netijeleri görkezenlere bäsleşigi gurnaýjylary tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýakynda jemi jemlenen bu bäsleşigiň esasy maksady ýurdumyzyň ösüşlerini, özgerişlerini, gözelliklere, bagy-bossanlyklara bürenen ajaýyp tebigatymyzy şahyrana, çeper sözüň üsti bilen beýan etmekden ybarat boldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30