Magtymguly adyndaky TDU-da himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi

16

Şu gün, 15-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi.
Halkara olimpiada ýurdumyzyň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinden himiýa dersinden ýokary dereje görkezen 260-a golaý talyp gatnaşýar. Olar şahsy bäsleşik görnüşinde A we B derejede öz aralarynda bäsleşerler.
Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinden, Moskwa fiziki-tehniki institutyndan, Kazan (Wolga) Federal uniwersitetinden, Nowosibirsk milli gözleg döwlet uniwersitetinden, Ufa döwlet nebit tehnologiýa uniwersitetinden, Ufa ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň adam we tebigat institutyndan, Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersitetinden, B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetinden, Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetinden, Sinzýan uniwersitetinden, Hytaýyň nebit uniwersitetinden, Gazagystan Respublikasynyň Halkara Astana uniwersitetinden, L.N.Gumilýew adyndaky Milli Ýewraziýa uniwersitetinden, Eýran Yslam Respublikasynyň Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetinden, Bojnordaky Kosar uniwersitetinden, Bojnordaky Azad Yslam uniwersitetinden, Azerbaýjan Respublikasynyň Baku inženerçilik uniwersitetinden, Özbegistan Respublikasynyň Halkara Aziýa uniwersitetinden, Buhara döwlet uniwersitetinden, Buhara döwlet tehniki uniwersitetinden, Karşi döwlet uniwersitetinden, Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetinden, Täjigistan Respublikasynyň Täjik milli uniwersitetinden, Rumyniýanyň Ploieşti nebit we gaz uniwersitetinden hem-de Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet uniwersitetinden talyplar, magistrantlar, olara ýolbaşçylyk edýän mugallymlar we wekiller gatnaşýarlar.
Himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiada we onuň çäginde geçirilýän «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda bilim-ylym ulgamynda, şeýle hem himiki tehnologiýalaryň ösüşiniň üstünliklerine bagyşlanan, milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisine aýlanyp gördüler, uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylar toparynyň berkarar Watanymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, türkmen ýaşlaryny wasp edýän aýdym-sazlaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler.
Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Sinszýan uniwersitetiniň, B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň, Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetiniň, Halkara Astana uniwersitetiniň, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň, Ploieşti nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary, magistrantlary, talyplary çykyş etdiler. Çykyşlarda hemişelik Bitarap Türkmenistanda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sebit hem-de dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli we ynanyşmak syýasaty esasynda ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň alnyp barylýandygy, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanyp durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň, bilim ulgamyna halkara tejribäni ornaşdyrmagyň, innowasion tehnologiýalar we multimedia serişdeleri arkaly bilim bermegiň hil derejesini häzirki döwrüň ösen derejelerine ýetirmegiň ähmiýetli taraplary bellenilip geçildi. Duşuşykda şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýändigi hem uly buýsanç bilen bellenildi.
Şeýle-de, çykyşlarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa hünäri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin döredilen döwrebap şertler, himiýa fakultetiniň okuw binasynyň häzirkizaman okuw otaglarynyň we himiýa ylmynyň dürli ugurlaryna degişli tejribehanalaryň dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen enjamlar bilen üpjün edilendigi, bilim almakda, ylym öwrenmekde ähli şertleriň döredilmegi uniwersitetde bilim-ylym-önümçilik ulgamy boýunça ýöriteleşen hünärmenleriň taýýarlanmagynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi.
Olimpiada halkara ülňülere laýyklykda, şahsy bäsleşik görnüşde A we B derejede geçirilip, oňa ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň professor-mugallymlary, alymlary, hünärmenleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlary eminlik edip, daşary ýurtly alymlar synçy hökmünde gatnaşýarlar.
Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan dost-doganlyk rus, hytaý, eýran, özbek, gazak, azerbaýjan, belarus, ermeni, rumyn, täjik halklarynyň aýdymlarynyň, tanslarynyň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdirilip, berkarar Watanymyzy wasp edýän aýdym we türkmen halkynyň milli küştdepdi tansy oňa gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy. Şonuň ýaly-da, dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda alyp barýan tutumly işlerini wasp edýän «Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.
Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadany geçirmäge döredip berlen giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallyklaryny we alkyşlaryny beýan etdiler.
Soňra dabara gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryhy muzeýine, Magtymguly muzeýine hem-de Geologiýa muzeýine aýlanyp gördüler. Muzeýlerde ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklar myhmanlarda uly täsir galdyrdy.








Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30