Halkara himiýa maslahatyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi

37

Şu gün, 15-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy, şeýle hem umumy mejlisi geçirildi.
Halkara maslahatyň işine Ýaponiýanyň Ýamagata uniwersitetiniň, Ýapon himiki jemgyýetiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Sinzýan uniwersitetiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetiniň, Bojnordaky Kosar uniwersitetiniň, Russiýa Federasiýasynyň Nowosibirsk milli gözleg döwlet uniwersitetiniň, Respublikan Inženerçilik internatynyň, B.B.Gorodowikow adyndaky Kalmyk döwlet uniwersitetiniň, Ural döwlet uniwersitetiniň, «Fizteh birleşmesi» birleşiginiň (Moskwa ş.), Azerbaýjan Respublikasynyň Baku inženerçilik uniwersitetiniň, Gazagystan Respublikasynyň Halkara Astana uniwersitetiniň, Türkmenistanyň, şeýle hem onlaýn görnüşinde Baku döwlet uniwersitetiniň, Baku inženerçilik uniwersitetiniň, Özbegistanyň Karşi döwlet uniwersitetiniň, Buhara döwlet uniwersitetiniň, Russiýanyň M.W.Lomonosow adyndaky Demirgazyk (Arktiki) federal uniwersitetiniň, Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň, General-admiral F.M.Apraksin adyndaky deňiz we derýa transporty Kaspiý institutynyň, Gazagystanyň Halkara Astana uniwersitetiniň, Ekonomiki liseýiniň, Italiýanyň Milano-Bikokka uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de alymlar gatnaşýarlar.
Umumy mejlisde çykyş edenler hemişelik Bitarap Türkmenistanda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň esasynda halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini, sebitde we dünýäde stragetik hyzmatdaşlygy ösdürmek durmuşa geçirilýän işler, şol sanda häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan geçirilýän «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň döwletara gatnaşyklarda oňyn çözgüde eýe bolýandygyny belläp geçdiler.
Şonuň ýaly-da, maslahata gatnaşyjy daşary ýurtly alymlar himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi bilen baglanyşykly ylmy nutuklar bilen çykyş etdiler.
Halkara maslahatyň umumy mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamyny we ýaşlar syýasatyny ösdürmekde, halkara tejribäni öwrenmekde ylmy garaýyşlary alyşmaga, ylym-bilimiň hil hem-de mazmun derejesini halkara derejede dabaralandyrmakda durmuşa geçirýän tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Dabara bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda kitaplar hem-de himiki tehnologiýalaryň ösüşi bilen baglanyşykly sergi guraldy. Şonuň ýaly-da, uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylar topary tarapyndan berkarar Watanymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, türkmen ýaşlaryny wasp edip ýerine ýetirilen aýdymlar halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň işi 16-njy oktýabrda «Himiýany okatmagyň innowasion usullary» we «Himiýa ylmyny ösdürmekde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly bölümçeleriň ikisinde alnyp barlar.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30