Halkara olimpiadanyň bäsleşikleri geçirildi
6516-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilýän himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadanyň A we B derejelerde şahsy görnüşdäki bäsleşikleri boldy. A derejede himiýa hünärinde okaýan talyplar, B derejede hünär ugry himiýa bolmadyk talyplar bäsleşdiler.
Meseleler ýokary okuw mekdep maksatnamasyna laýyklykda organiki himiýa, fiziki himiýa, organiki däl himiýa, analitiki himiýa boýunça taýýarlanyldy. A dereje ýazmaça görnüşinde, B dereje test görnüşinde geçirildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, halkara olimpiada ýurdumyzyň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinden 260-a golaý talyp gatnaşýar.