Halkara maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdi
2316-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilýän «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işini «Himiýany okatmagyň innowasion usullary» we «Himiýa ylmyny ösdürmekde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly bölümçelerde dowam etdi.
Halkara maslahatyň bölümçeleriniň işinde oňa gatnaşyjy Ýaponiýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistanyň Respublikasynyň, Italiýanyň Respublikasynyň, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlary himiýany okatmakda innowasion tehnologiýalaryň orny, täze himiýa tehnologiýalaryny işläp düzmegiň meseleleri bilen baglanyşykly wekilçilik edýän ýurtlarynda alnyp barylýan işler boýunça çykyş etdiler.
Şonuň ýaly-da, daşary ýurtly we türkmenistanly professor-mugallymlar wekilçilik edýän bilim-ylym edaralarynyň, merkezleriniň mysalynda alnyp barylýan işler boýunça giňişleýin belläp geçdiler.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň bölümçeleriniň işine gatnaşyjylar himiýany okatmagyň innowasion usullary we himiki tehnologiýalary kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça kärdeşleri bilen özara tejribe alyşdylar.