Hoşallyk maslahaty geçirildi
501Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2021-nji ýylyň 12-nji martynda Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 10-njy martynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordyny täzeläp, iki altyn medalyň eýesi bolan dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewany sarpalamak dabarasyna gatnaşmagy we onda eden taryhy çykyşy bilen baglanyşykly hoşallyk maslahat geçirildi.