Gahrymaşy geçirildin Arkadagymyzyň täze kitaplarynyň tanyşdyryly

18


color="#000000">21-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň

Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» ylmy-

ensiklopedik işiniň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly

kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden professor-mugallymlar we talyplar Gahryman

Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-

ensiklopedik işiniň ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler. Çykyşlarda

Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda

terbiýelemekde aýratyn ähmiýetlidigi bellenilip, täze neşirlerde Watanyň her

bir daban topragyna, gözel tebigatyna söýginiň eriş-argaç bolup geçýändigi

aýratyn nygtaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara

hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada giňişleýin

bellenildi.
Çykyşlarda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy

mynasybetli türkmen, iňlis we rus dillerinde «Saglygy goraýyşda ýetilen

sepgitler» atly 22 bölümden ajaýyp kitabynyň neşir edilmegi Gahryman

Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň häzirki zaman türkmen

jemgyýetindäki mynasyp ornuny dolulygyna kesgitlemekde uly ähmiýete eýedigi

nygtaldy.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni

merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen «Alkyş Size, Arkadagly

Gahryman Serdarymyz!» atly aýdym dabara özboluşly öwüşgin berdi.
Dabara bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

eýwanynda guralan türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyzyň we hormatly

Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, ýurdumyzyň dermanlyk

ösümlikleriniň we olardan taýýarlanan dermanlyk önümleriniň hem-de talyplar

tarapyndan taýýarlanylan taslamalaryň sergisi köp adamly bolup, ol

gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen tebigatynda ösýän dermanlyk

ösümlikleriniň häsiýetli aýratynlyklaryny ylmy we amaly taýdan öwrenmek bilen,

ylymly-bilimli ýaşlary kemala getirmekde alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen

halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz

Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30