Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hakaton bäsleşigi geçirildi

616

30-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Talyplaryň reýtingini bahalandyrmagyň sanly programma üpjünçiligi» atly hakaton bäsleşigi geçirildi.
Açylyş dabarasynda uniwersitetiň professor-mugallymlary çykyş edip, Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda bilim ulgamyny, şol sanda ýokary bilimi ösdürmekde durmuşa geçirilýän özgertmeler, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada giňişleýin bellediler.
Dabarada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», Hormatly Prezidentimiziň şöhratly işlerini wasp edýän «Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» aýdymlary oňa gatnaşyjylarda täsir galdyrdy.
Hakaton bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjy talyplar programma üpjünçiligi, ýagny WWW arhitektura, esasy web standartlary we tehnologiýalary, müşderi we serwer Web-tehnologiýalary, HTML dilinde dokumentiň we tegleriň strukturasy, parametrleri, CSS bilen işlemeginiň esaslary, Dinamiki web-programmalar üçin «jQuery-ny» ulanmak boýunça bäsleşdiler. Şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylar «Ajax» tehnologiýany ulanmak, «JavaScript» programmirleme diliniň sintaksisi, Maglumat bazalary, programma üpjünçiliginiň müşderi bölegi we programma üpjünçiliginiň serwer bölegi, ýagny HTTP protokoly, serwer tarapynyň talaplary, DOM obýekt modeli, modullary işläp düzmek boýunça ukyplaryny görkezdiler.
Hakaton bäsleşigine gatnaşyjy talyplar berkarar Watanymyzda innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30